11 Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.
11 Агзындан ялын чыкяр, от учгунлары сычраяр.
Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
Hudaý isleýşiňe görä saňa adalatlylyk bersinmi? Sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, şonuň üçin bilýäniňi aýt.
Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar, Onuň saňa mätäçligi näme?
Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, gazabyna daglary ters düňderýär.
Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.
Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.
Hudaý bergili bolar ýaly, kim Oňa zat berdi?»
Çünki «Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir».
Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.
Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,
Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.