Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.
Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.
Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.
Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».
Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».
Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.
Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.
Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler.