Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.
«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.
Şonuň üçin hem, eý, şahym, meniň maslahatymy kabul et: günäleriňden adalatyň bilen, ýazyklaryňdan garyplara rehim etmegiň bilen dyn. Belki şonda asudalygyň möhleti uzar».