Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.
Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.
Şonuň üçin hem, eý, şahym, meniň maslahatymy kabul et: günäleriňden adalatyň bilen, ýazyklaryňdan garyplara rehim etmegiň bilen dyn. Belki şonda asudalygyň möhleti uzar».
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.
Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.
Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».