8 Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar.
8 Гөршүме гөрә пислик сүрүмини гечирип, хасраты экйәнлер, шоны-да оряндырлар.
Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar, çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».
Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.
Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.
olary eken günüň ösdürseň-de, oturdylanlary ertesi gülletseň-de, hassalyk we emsiz dert gününde hasylyň ýele sowrular.
Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».
Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.
Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.