5 Emma indi öz başyňa gelende, ruhdan düşýäň, bela uçraňda, özüňi ýitirýäň.
5 Эмма инди өз башыңа геленде, рухдан дүшйәң, бела учраңда, өзүңи йитирйәң.
Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»
Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.
Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»
Sözleriň büdreýänlere goldaw boldy, ikirjiňlenýänleri berkitdiň.
Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.
Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň;
Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.
Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.
Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir.
Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.
Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme.