Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 4:17 - Mukaddes Kitap

17 „Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 „Хей-де ынсан Худайдан догры болуп билерми? Ынсан өз Ярадыҗысындан пәк болуп билерми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 4:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!


Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?


Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?


Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?


Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».


Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?


«Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“ diýmäň dogry däl Eýýup!


Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.


Ol ümsüm durdy, ýöne onuň keşbini saýgaryp bilmedim. Gözümiň alnynda bir syrat durdy, ümsümlikdi, soň bir ses eşitdim:


Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.


Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?


«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ