Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym.
Emma şägirtler Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, tanaman: «Bu bir gözümize görünýän arwahdyr!» diýşip, dowla düşdüler, olar gorkudan ýaňa gygyryşdylar.