Sen çöle öwrenişen, gyzgyn demi bilen şemala pyşgyran gulansyň. Esrän wagty ony kim saklap biler? Ýadamaz ony gözleýänleň hijisi, esrän wagty taparlar ony.
„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.