34 Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, bulutlara buýruk berip bilermiň?
34 Башыңа бол ягыш ягсын дийип, булутлара буйрук берип билермиң?
Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, sil gelip, seni gark edýär.
Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.
Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär.
Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi.
Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular.