Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy.
Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.
Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.
Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.