Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.
Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!
Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.