18 Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.
18 Дүнйә гиңишлигине сер салдыңмы? Айт, онда шуларың барыны билйән болсаң.
Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?
Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
Reb şeýle diýýär: «Eger ýokarda gökleri ölçäp bolýan bolsa, aşakda ýeriň binýatlaryny barlap bolýan bolsa, onda eden ähli işleri üçin Men hem bütin Ysraýyl neslini ret ederin». Muny Reb aýdýandyr.
Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.