3 Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
3 Йылдырымы гөгүң астындакы әхли ере, ер йүзүниң дөрт күнҗегине иберйәр.
Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
ýagyş ýagdyryp, gök gübürdisine ýol açan wagty,
Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýar.
Onuň buýrugyna görä, bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.
Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi, suwlary bir üýşmek kimin duruzdy.
Eý, bütin dünýä, Rebbe heşelle kakyň, şatlyk nagmasyny, alkyşlar aýdyň.
Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.
Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar.
Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.