Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.
Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!