Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.
Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et».
Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.