Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.
Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi“ diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.
Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.
Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.
Reb Gidegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.