Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».
Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!
Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.
Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.