Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?
Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.