Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Гой, шол гүни гараңкылык, түм гараңкылык гуршасын. Булутлар өртсүн оны, гараңкылык оны горка салсын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 3:5
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, gözümi tüm garaňkylyk örtýär.


Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr, tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.


Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, zulmatda mis agtaryp, tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.


Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, onuň üstüne ýagty düşmesin!


Şol gijäni zulmat gaplasyn, ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.


Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.


Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?


Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».


Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.


Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.


Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir.


Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.


Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».


Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».


Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady.


Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ