25 Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, heder edenim-de üstümden inýär.
25 Хакыкатданам, горкым башыма гелйәр, хедер эденим-де үстүмден инйәр.
Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.
Üstüme howp abanýar, şan-şöhratym ýele sowrulýar, hoşwagtlygym bulut kimin geçip gitdi.
Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.
Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.