12 Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!
12 Этеге салынмасам болҗак экен! Эмдирилмәнлер гечсем болҗак экен!
Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi.
Ýusup Efraýymyň üsti bilen çowluklar gördi. Manaşanyň ogly Makyryň çagalary Ýusubyň çagalary hasaplandy.
Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym.
Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.