Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Нәме үчин дүнйә инәемде өлмәндирин? Гөвреден чыкан дессиме җан бермәндирин?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 3:11
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.


Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!


Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.


Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.


Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.


Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.


Şeýle hem ol ne Güni gördi, ne-de bir zat bildi. Emma bu çaganyň rahatlygy ol adamyňkydan artykdyr.


Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.


«Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».


Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy.


Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ