8 Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun?
8 Худай худайсызы ёк эдип, җаныны алансоң, онда нәме умыт болсун?
Emma pisler umytdan el üzerler, gaçara ýerleri bolmaz olaryň, umyt uçgunlary söner».
Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
Ine, şu meniň gutulyşym bolar, çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe, garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün!
Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?
Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, hudaýsyzyň umydy öler.
Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?
Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?
Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.
Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi.
Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».