Patyşa oňa: «Ýigdekçe – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Efiopiýaly: «Şa hezretleriniň duşmanlarynyň oňa zyýan ýetirmek üçin, garşysyna çykanlaryň ählisiniň başyna şol ýigidiň güni gelsin» diýdi.
Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.