Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.
Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.
Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.
Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».
Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?
Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.