18 Höwürtgeler ýaly, sakçyň çatmasy ýaly dikýärler öýlerini.
18 Хөвүртгелер ялы, сакчың чатмасы ялы дикйәрлер өйлерини.
Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.
Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.
Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; Men bolsa sizi elmydama azat ederin, asyrlar boýy sizi halas ederin».
Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Sionda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi.