11 Size Hudaýyň gudratyny, ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.
11 Сизе Худайың гудратыны, яшырман аян эдерин Гудратыгүйчлиниң ёлларын.
Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
Gudratygüýçlüden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?
Muny öz gözüňiz bilen gördüňiz, näme üçin beýle boş gürrüň edýäňiz?
Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.
Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi:
Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.
Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.