8 Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär.
8 Сувлары булутларың ичинде саклаяр, булутлар оларың аграмына бөвсүлмейәр.
Bulutlaryň ýaýradylyşyna, asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.
Uly yşyklary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?
Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.