7 Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar.
7 Худай гөклери бошлугың үстүне язяр, ери-де хич затдан асяр.
Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy?
Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn.
Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.
Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?
Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär: