6 Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
6 Худайың өңүнде өлүлер дүнйәси ялаңачдыр, хеләкчилик ериниң өртүги ёкдур.
Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
Heläkçilik we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym.
Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.
Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?
Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.
Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, gazabyna daglary ters düňderýär.
Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin, goý, olar oda, çuň gorpa düşsün, goý, olar asla çykyp bilmesin.
Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary.
Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.
Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.
Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.
Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de, elimi uzadyp, olary ondan çykararyn. Olar göge çyksalar-da, ol ýerden aşak düşürerin.
Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.
Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.