Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 24:5 - Mukaddes Kitap

5 Çöldäki gulanlar kimin, ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär, Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Чөлдәки гуланлар кимин, ёксулларың херси бир яна дагап гидйәр, Олар чагалары үчин чөлде иймит гөзлейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 24:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol gulan ýaly bir adam bolar. Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar. Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».


Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».


Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, olar diňe öz güýjüne sygynýandyr.


Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.


Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar, erbetleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar.


Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.


Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.


Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez.


Sen çöle öwrenişen, gyzgyn demi bilen şemala pyşgyran gulansyň. Esrän wagty ony kim saklap biler? Ýadamaz ony gözleýänleň hijisi, esrän wagty taparlar ony.


Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.


Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ