4 Mätäçleri ýoldan kowýarlar, ýurduň garyplary olardan bukulýarlar.
4 Мәтәчлери ёлдан ковярлар, юрдуң гарыплары олардан букулярлар.
Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.
Çünki men haraý islän garyby, kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
Garyplara atadym, ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
Gara günliniň halyna aglamadymmy? Ýoksullar üçin ýüregim gyýym-gyýym bolmadymy?
Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, dul hatyny umytdan düşüren bolsam,
eşiksiz heläk bolany, ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,
Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.
Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.
Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.
Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.
Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.
Onuň kakasy bolsa öz eden günäleri üçin öler, ol zalymlyk edip, doganyny talady, halkynyň arasynda ýaramaz işler etdi.
Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.
Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.
Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.