Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 24:12 - Mukaddes Kitap

12 Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, jany hasratlylar perýat edýärler, emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шәхерлерден өлүп барянларың иңңилдиси эшидилйәр, җаны хасратлылар перят эдйәрлер, эмма шонда-да Худай оларың дилеглерине үнс бермейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 24:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.


Ine, ýagtylyga garşy baş göterýänler bar, ýagtylygyň ýoluny tanamaz olar, onuň ýodalaryndan ýöremezler.


Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende, Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.


Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ