10 Olar daşarda ýalaňaç enteýärler, aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar.
10 Олар дашарда ялаңач энтейәрлер, ач гарна бугдай десселерини дашаярлар.
Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.
Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, garybyň çagasy girew alynýar.
tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam, ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,
Eger ol adam garyp bolsa, onuň girewine berýän donunda ýatmaň.
Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.
Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.