8 Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok, günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin.
8 Гүндогара гитсем, Худай ол ерде ёк, гүнбатара гитсем, Оны тапып билмейәрин.
Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.
Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
Hudaýy görmeýärin diýseň-de, dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.
Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. «Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip, maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –
Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla hem-de zalym adamdan gora. Olar aýagyma badak atmak isleýär.
Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!