4 Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?
4 Худайың сени җезаландырмасы, хөкүм этмеси Ондан горкяндыгың үчинми?
Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
siz gylyçdan heder ediň, çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».
Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
Meni göz astynda saklaryň ýaly, men deňiz ýa deňiz aždarhasymy näme?
Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
Çünki Oňa jogap bererim ýaly, kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!
Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.
Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.
Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.
Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!