Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.
Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.