11 Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, sil gelip, seni gark edýär.
11 Хич зады гөрүп билмезиң ялы, гараңкылык сени басяр, сил гелип, сени гарк эдйәр.
Muşakgatyňy unudarsyň, akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.
Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, depelerindäki çyrasy sönýär.
Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, ýodalarymy garaňkyratdy.
Pisler suwuň ýüzündäki köpük kimindir, olaryň ýer paýy näletlenendir, hiç kim olaryň üzüm bagyna aýak basmaz.
Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, bulutlara buýruk berip bilermiň?
Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.
Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim.
Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.