2 «Dykgat bilen gulak goýuň sözüme, goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.
2 «Дыкгат билен гулак гоюң сөзүме, гой, бу сизиң маңа берҗек теселлиңиз болсун.
Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
Diňläň meniň delillerimi, gulak goýuň meniň çekişmelerime!
Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
«Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
Eýýup şeýle diýdi:
Gezek beriň, men gepläýin, sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.
«Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup, diýjek sözlerimi diňle.
«Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň, eý, bilimsekler, meni diňläň.
Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.
Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.
Bu hakda Ýotama gürrüň berenlerinde, ol Gerizim dagyna gidip, onuň depesine çykdy-da, belent ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Eý, Şekemiň ilaty! Meni diňläň, eger şeýtseňiz, Hudaý hem siziň dilegiňizi diňlär.