8 Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
8 Дүйш кимин учуп гидерлер, гиҗеки гөрнүш кимин гайып боларлар.
Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.
Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.
Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.
Olary gorky basýar sil kimin, gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.
Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».
Gözleriň meni şu pursat görýär, ýöne mundan beýläk meni görmersiň, gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň.
Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.
Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.
Soňra ol öz ýurdunyň galalaryna tarap öwrüler, ýöne büdräp ýykylar-da, ýitirim bolar.