5 Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
5 Пислериң хешеллеси вагтлайындыр, худайсызың шатлыгы бир салымлыкдыр.
Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.
Ýowabyň ýaragyny göterýän on nökeri Abşalomy ara alyp, urup öldürdi.
Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.
Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.
Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun?
hudaýsyz adam şalyk sürüp, halka duzak gurmasyn.
Kök urýan akmaklary gördüm, emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň, olaryň ýerini başgalar tutarlar.
Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.
Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.
Her kim öz edýän hereketlerini derňesin. Her kes özüne düşen ýüki özi götersin. Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler.
Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir.