Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.
Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.
Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.