Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эйюбың аялы оңа: «Энтегем пәклигиңи мәкәм саклап йөрмүсиң? Худайы нәлетле-де, өл» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 2:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.


Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ