Dawut Hudaýa şeýle diýdi: «Halkyň sanyny bilmek üçin buýruk beren men dälmidim näme? Günä eden men, hata iş eden men. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Eý, Hudaýym Reb, goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber, Öz halkyňy weýran etme!»
Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.
Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.
Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.
Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.