Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шейтан Реббе шейле җогап берди: «Тен дерегине тен! Ынсан өз җаны үчин бар задындан гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 2:4
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi.


Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile faraona gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».


Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar» diýdiler.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»


Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar, ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.


Ýöne olaryň arasyndan on adam: «Bizi öldürme! Biziň meýdanda gizläp goýan bugdaýymyz, arpamyz, ýagymyz we balymyz bar» diýdi. Şeýlelikde, ol pikirinden dänip, olary ýoldaşlary bilen birlikde öldürmedi.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?


Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?


Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr.


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ