Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб шейтана: «Сен гулум Эйюба үнс бердиңми? Дүнйәде онуң ялы адам ёкдур. Ол акйүрекли, догручыл, Худайдан горкян ве шерден гача дурян адамдыр. Сен Мени Эйюбы себәпсиз хеләк этмәге өҗүкдирдиң, йөне ол энтегем пәклигинде мәкәм дур» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 2:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Ýowap şeýle jogap berdi: «Ýok-la! Daş edewersin! Hudaý saklasyn! Galany ýykmak ýa-da ýok etmek meniň etjek işim däl!


Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.


Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.


Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.


Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.


Ol başyma harasat inderýär, nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.


Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.


Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek erbetler muşakgata uçraýar.


Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar, ýöne günä erbetleri ýykýandyr.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.


Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.


Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ