Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эйюбың үч досты: тейманлы Элипаз, шувалы Билдат ве нагамлы Сопар онуң башына дүшен белалар хакында эшидип, өз болян ерлеринден ёла дүшдүлер. Олар Эйюба дуйгудашлык билдирип, гөвнүне теселли бермәге гитмек үчин душушдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 2:11
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi.


Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.


Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.


Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.


Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.


Ybraýymyň gyrnak aýaly Keturanyň oňa dogrup beren ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy.


Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.


Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler.


Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.


«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!


Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.


Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.


Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.


Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:


Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.


Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.


Şeýdip, teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat hem-de nagamly Sopar Eýýubyň ýanyna gidip, Rebbiň tabşyryşy ýaly hem etdiler. Reb Eýýubyň dilegini kabul etdi.


Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.


Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylary umytda bolýarlar.


Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.


Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.


Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme, başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme, uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.


Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.


Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Gederot, Beýtdagon, Nagama, Makeda. Bular obalary bilen bile on alty galadyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ