Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эмма Эйюп аялына: «Сен акмак аял ялы геплейәрсиң. Худайдан ягшылыгы кабул эдип, яманлыгы кабул этмәлими?» дийип җогап берди. Шунча хасратларың ичинде-де Эйюп гепи-сөзи билен гүнә этмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 2:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.


Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz».


Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez».


Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»


Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?


Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir.


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.


Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken.


Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ