6 şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.
6 шуны билип гоюң, Худай мени нәхак сайды, Ол дашыма Өз торуны чекди.
Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?
Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
«Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,
Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
Maňa rehimsizlik etdiň, güýç-gudratyň bilen meni ezýäň.
Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.
Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.
Günä etsem, Saňa zeleli näme, eý, ynsan Gözegçisi? Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň? Näme üçin men Saňa ýük boldum?
Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?
Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birtopar halklaryň öňünde torumy seniň üstüňe taşlaryn; olar seni Meniň torum bilen tutarlar.
Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.
Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.